Türkmenistanyň «Ýigit» kompaniýasy Beýik Britaniýada geçirilýän işewürlik saparynyň eýýäm ikinji gününde «Tesco», «Marks & Spencer», «Lidl», «Aldi» we «Sainsbury’s» ýaly iri britan iri söwda torlary bilen geçirilen gepleşikleriň ilkinji amaly netijelerini gazandy.
Duşuşyklaryň dowamynda «Ýigit» kompaniýasynyň wekilleri satyn alyjylar we importçylar bilen türkmen önümlerini britan bazaryna çykarmagyň mümkinçiliklerini, halkara iri söwda torlary ulgamynyň talaplaryny, şeýle-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Alnyp barylan gepleşikleriň netijesinde taraplar häzirki wagtda jikme-jik işlenip taýýarlanylýan deslapky ylalaşyklara geldiler.
Şol bir wagtyň özünde işewürlik saparyň beýleki gatnaşyjylary hem oňyn netijeleri gazandylar. «Takyk Abzal» kompaniýasy nebit-himiýa pudagynda işleýän «Somer Industrial Projects» britan kompaniýasy, şeýle hem «Hünär sertifikatlary boýunça ygtyýarlandyrylan institut» (Chartered Institute of Professional Certifications) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň ýene bir kompaniýasy bolan «ALSAT» Singapuryň «BTFV» töwekgelçilik maýa goýum gaznasynyň Londondaky şahamçasy we Horwatiýanyň «Consulio» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekdi.
Umuman alanyňda, gazanylan ylalaşyklar we ýola goýlan täze işewürlik gatnaşyklary türkmen kompaniýalarynyň halkara giňişligindäki ornuny giňeltmekde hem-de daşary ýurt bazarlaryndaky mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.