Turkmenportal logo
14.05.26
61326132
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahat geçirilýär

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.

Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň 24-siniň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Daniýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Bangladeşiň, Hindistanyň, Ruandanyň, Alžiriň, Namibiýanyň, Mýanmanyň, Gruziýa Respublikasynyň, Kambojanyň, Tanzaniýanyň, Gananyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, hünärmenleriniň 100-den gowragy gatnaşýar. Şeýle hem Türkmenistanyň 30 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan, jemi 288 sany wekil gatnaşýar. Olar ylmy-amaly maslahatyň dowamynda wekilçilik edýän bilim-ylym merkezlerinde we ýokary okuw mekdeplerinde gazanan üstünlikleri, alyp barýan ylmy-barlag hem-de ylmy-usuly işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik alarlar.

Ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyňdyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagy ýurduň pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny durmuşa geçirmek bilen, täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bellenilmäge mynasypdyr.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda milli hem-de öňdebaryjy tejribelere esaslanmak bilen, halkara jemgyýetçiliginde ylmy-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny ösdürmek, geljekde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde durmuşyň dürli ugurlarynda ösüşleri gazanmak, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ugurlarynda işleriň alnyp barylmagy barada giňişleýin bellenilip geçildi.

Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş uniwersitetiň eýwanynda sergi guraldy.

Maslahat şu gün işini bölümçelerde alyp barýar.