Turkmenportal logo
13.05.26
1424314243
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.