Azerbaýjanyň paýtagtynda «Klimatyň üýtgemegi boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işi» diýen temada halkara maslahat geçirildi. Çäre Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Halkara Zähmet Guramasy (HZG) we HZG-nyň Zähmetkeşleriň işi boýunça býurosy (ACTRAV) tarapyndan guraldy.
Maslahata kärdeşler arkalaşyklary guramalarynyň, döwlet edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleri, şeýle hem klimat syýasaty we durmuş dialogy ulgamyndaky bilermenler gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda Azerbaýjanyň Kärdeşler arkalaşyklary konfederasiýasynyň başlygy S.Mämmedow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy O.Berdiýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň klimat meseleleri boýunça wekili M.Babaýew, şeýle hem döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň hem-de Azerbaýjanyň parlamentiniň wekilleri gutlag sözi bilen çykyş etdiler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar kärdeşler arkalaşyklarynyň klimat syýasatyny kemala getirmekdäki ornuny, durnukly ykdysadyýete adalatly geçiş meselelerini, zähmet hukuklarynyň goralmagyny we durmuş dialogynyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. «Ýaşyl» iş orunlaryny döretmäge, hünärmenleriň hünärini kämilleşdirmäge we klimatyň üýtgemegi şertlerinde durmuş goraglylygy ulgamyny berkitmäge aýratyn üns berildi.