Wengriýanyň täze saýlanan Premýer-ministri Peter Madýar hökümetiň birbada üç wekilini wezipä belledi, ol bu barada özüniň sosial tordaky sahypasynda habar berdi diýip, «Report.az» ýazýar. Ýagny hökümetiň metbugat gullugyna öňki telegepleşikleri alypbaryjy we žurnalist zenanlar – Wanda Sondi, Ewa Madýar we Anita Kýebýel girdiler.
«Wengriýanyň täze hökümeti habar beriş serişdeleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny gurmakçy» diýip, Madýar ýazdy. Hökümet başlygy wezipä bellenen zenanlaryň her biri bilen aýratyn tanyşdyryp, olaryň žurnalistikadaky we telewideniýedäki hünär tejribesini belledi.
Şeýle etmek bilen, Peter Madýar soňky ýyllaryň iş tejribesinden ýüz öwürdi, ýagny öňki Ministrler Kabinetinde medianyň diňe bir wekil bardy, ol wezipäni Zoltan Kowaç eýeleýärdi diýlip, habarda bellenýär.