Howanyň gyzyp başlamagy bilen paýtagtyň ýaşaýjylary howlularyny we eýwanlaryny cogly günüň täsirinden goraýan örtükler bilen enjamlaşdyrmaga işjeň girişdiler. Ak Gaýa dükany müşderileriň markizalara we bag saýawanlaryna bolan gyzyklanmasynyň ep-esli ýokarlanandygyny belleýär. Bu önümler açyk howada dynç almak üçin salkynlyk we amatly şertleri döredýär.

Hödürlenýän görnüşleriň arasynda dürli ölçegdäki we dizaýndaky modeller bar — kiçi eýwanlar üçin ykjam saýawanlardan başlap, giň meýdançalar we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin uly ölçegli markizalara çenli. Önümlerde ulanylýan materiallar ultramelewşe şöhlelerine durnuklylygy we uzak möhletleýin hyzmat edýändigi bilen tapawutlanýar.
Dükan harytlary üç ýyla çenli möhlet bilen bölekleýin töleg esasynda satyn almak mümkinçiligini hem hödürleýär. Bu bolsa önümleri müşderileriň has giň topary üçin elýeterli edýär.

Salgysy: Aşgabat, G. Kulyýew (Obýezdnoý) köç., Ak Gaýa binasy
Telefon belgileri: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88
Sosial ulgamdaky sahypasy.