Turkmenportal logo
13.05.26
1027510275
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen eksponatlary Waşingtondaky atlaryň bezeg dokma sergisinde görkezildi

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň wekilleri bu ýurduň paýtagtynda Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýinde we Dokma muzeýinde guralan «Bedewleriň bezegi: kuwwatyň we abraýyň nyşany bolan bedewler üçin dokma bezeg önümleri» atly sergä hem-de «Atlan» atly dokumental filmiň görkezilişine gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Sergide dürli halklaryň däp-dessurlarynda atyň taryhy we medeni ähmiýetini açyp görkezýän atçylyk dokma önümleriniň nusgalary ýerleşdirildi. Türkmen eksponatlary sergide aýratyn orun eýeläp, türkmen halkynyň baý çeperçilik däplerini we atçylyk medeniýeti bilen çuňňur baglanyşygyny aýdyň görkezdi.

Saparyň jemleri boýunça ilçihananyň wekilleri çäräni guraýjylar bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda taraplar atçylyk mirasyny gorap saklamagyň we wagyz etmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň Türkmenistanda »Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini bellediler. Bu bolsa atyň, aýratyn-da ahal-teke bedewiniň, ýurduň milli medeniýetindäki aýratyn ornuny nygtaýar.

Jorj Waşington uniwersitetiniň muzeýi we Dokma muzeýi sergä bagyşlanan ýörite katalogy hem neşir etdiler. Onda dürli halklaryň atçylyk dokma däpleri, şol sanda türkmen nusgalary hem öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň ilçihanasy türkmen atçylyk mirasyny dünýäde wagyz etmekde we iki ýurduň arasyndaky medeni dialogy ösdürmekde goşan goşandy üçin serginiň guraýjylaryna hoşallyk bildirdi.