Turkmenportal logo
Şu gün 15:23
37633763
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
 Täjigistan çölleşmä garşy göreşýär
Surat: caliber.az

Täjigistan Merkezi Aziýa sebitiniň suw gorlarynyň 60 göterime golaýyny eýeleýär. Bu barada TR-niň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda Duşenbe şäherinde geçen Halkara Azyk we oba hojalyk guramasynyň sebit maslahatynyň 35-nji maslahatyndaky çykyşynda aýtdy. Bu barada «caliber.az» internet neşiri habar berdi.

«Respublikanyň gün tertibinde möhüm wezipeler – bu damjalaýyn suwarmak we suwaryşyň sanly hasabatlylygy ýaly, suw tugşytlaýjy tehnologiýalardyr» diýen Rasulzoda olaryň sebit derejesinde durmuşa ornaşdyrylmagynyň suw gorlary 30-30 göterim tygşytlananda, hasyllylygy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.

Hökümet başlygy şeýle hem döwletiň çölleşmä garşy işjeň göreşýändigini, tokaýlary dikeldýändigini we tebigy dökünler bilen ýer işläp bejeriş usullaryny durmuşa ornaşdyrýandygyny sözüniň üstüne goşdy.