Russiýada işçi güýjüniň ýetmezçiligi gaýtadan işleýän senagatda, ýük daşamakda we saklamakda, şeýle hem habarlar we aragatnaşyk pudaklarynda ýiti duýulýar. Bu barada RF-niň Prezidentiniň durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara guramalar bilen aragatnaşyk boýunça ýörite wekili Boris Titow habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin apreliň ahyrynda 2032-nji ýyla çenli ýurduň ykdysadyýeti üçin 12 milliondan gowrak işçini çekmegiň gerekdigini habar beripdi.