Turkmenportal logo
Şu gün 12:35
54345434
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Fransiýa Afrika ýurtlaryna 14 milliard ýewro maýa goýýar
Surat: tass.ru

Fransiýa Afrika ýurtlaryna döwlet we hususy maýa goýumlar görnüşinde 14 milliard ýewro bölüp berer. Bu barada Naýrobide geçýän «Afrika, öňe» sammitiniň çäklerinde guralan işewürlik forumynda çykyş eden fransuz lideri Emmanuel Makron habar berdi. «Şu gün afrikan yklymy üçin 23 milliard ýewro bölünip beriljekdigi mälim edildi. Olaryň 14 milliard ýewro bölegi fransuz kompaniýalarynyň paýyna degişlidir» diýip, Makron belledi. Ol pullaryň sammitiň geçýän ýeri bolan Keniýa, şeýle-de Afrikanyň beýleki ýurtlaryna goýberiljekdigini, netijede, Fransiýada hem-de Afrikada 250 müň iş ornunyň dörediljekdigini belledi.

«Afrika, öňe» (Africa Forward) sammiti Fransiýa hem-de Keniýa tarapyndan Naýrobi şäherinde guraldy. Iki günlük sammit düýn — 12-nji maýda öz işini tamamlady. Afrika ýurtlarynyň birnäçesiniň, Afrika Bileleşiginiň we Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň, halkara maliýe edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, telekeçileriň hem-de raýat jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen çäräniň barşynda emeli aňy ösdürmek, oba hojalyk we azyk howpsuzlygy, saglygy goraýyş, ekologik geçiş hem-de halkara maliýe gurluşyny üýtgedip guramak ýaly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu barada TASS ýazýar.