Tokio şäherindäki Türkmenistanyň ilçihanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti bilen Aziýada bilim, ylym we ykdysady ösüş guramasynyň (Aziýa SEED) wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan-Ýaponiýa Ylmy we Tehnologik Hyzmatdaşlyk Assosiasiýasynyň prezidenti Hideomi Koinuma hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şihlyýew uniwersitetiň ösüşiniň esasy tapgyrlaryny tanyşdyrdy we onuň bilim, ylmy hem-de halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlaryny jikme-jik beýan etdi. Pikir alyşmalaryň dowamynda ýokary bilimi goldamakda, pudagara ylmy barlaglary ösdürmekde we durnukly ösüş ýörelgelerini öňe sürmekde alyp barýan işleri bilen tanalýan Aziýa SEED guramasynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy mümkinçiliklerini belläp geçdiler.
Bilelikdäki bilim maksatnamalaryny işläp düzmäge, ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmäge, pudagara başlangyçlary goldamaga we ýaşyl ykdysadyýete we durnukly ösüşe döwrebap çemeleşmeleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berildi.
Şol gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda ylym, bilim we innowasion ösüş ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar akademiki alyş-çalyşy giňeltmek, talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we döwrebap bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
JICA agentliginiň wekilleri Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplaryna emeli intellekt boýunça sertifikatlaşdyrylan okuwlary mugt almak mümkinçiligini hödürlemegi teklip etdiler. Bu başlangyç talyplaryň sanly tehnologiýalardaky başarnyklaryny ýokarlandyrmak we global ylmy-tehniki ösüşiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin möhüm ädim hökmünde garalýar.