Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynda Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň döwrebap barlamhana tejribesi özleşdiriler. Şu maksat bilen institutyň wekilleri ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Saparyň esasy maksady täze binalar toplumynda ornaşdyryljak kämil enjamlary gönüden-göni öndürijileriň özünde öwrenmekden, döwrebap tejribehana ulgamlary bilen tanyşmakdan we halkara derejesinde tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Iş saparynyň dowamynda wekiller kompaniýalaryň birnäçesinde, şeýle hem Şandun we Pekin pedagogika uniwersitetlerinde bolup, ol ýerlerde bilim tehnologiýalarynyň we barlamhana enjamlarynyň okuw işindäki ulanylyşy bilen tanyşdylar.
Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde öwrenilen tejribeler institutyň ylmy-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykarmaga we täze binalar toplumynda dünýä ülňülerine laýyk bilim gurşawyny döretmäge ýardam eder.
Ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň täze okuw ýylynyň ilkinji gününde açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýar.