Turkmenportal logo
Şu gün 09:58
70547054
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Maşa we Aýy» doly göwrümli filme öwrüler
Surat: gazeta.ru

«Maşa we Aýy» atly rus animasion serialynyň suratkeş-multiplikatory Oleg Kuzowkow şeýle at bilen doly göwrümli çeper filmi surata düşürmekçi, bu barada «Variety» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Kuzowkow öz döredijilik toparynyň multfilmiň gahrymanlaryny dünýäniň tomaşaçylaryna täze görnüşde hödürlejekdigini, onda asyl nusgadaky gülküli äheňleriň saklanjakdygyny gürrüň berdi. Filmi 2028-nji ýylyň ahyrynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

«Maşa we Aýy» multfilmi 2009-njy ýylyň ýanwarynda çykdy. Multserial diňe  Russiýada däl, daşary ýurtlarda hem meşhurlyk gazandy. Ony Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Kanadanyň, Latyn Amerikasy we Orta Gündogar ýurtlarynyň teleýaýlymlary görkezdiler.