ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp häzirki wise-prezident Jeý Di Wensi hem-de döwlet sekretary Marko Rubiony «tüýs arzuw edäýmeli topar» hem-de 2028-nji ýylda geçjek saýlawlarda Respublikan partiýadan mümkin bolan dalaşgärler diýip atlandyrdy. Bu barada «The Hill» gazetine salgylanýan «Armenpress» agentligi habar berdi.
Prezident Ak Tamyň Bägül bagynda geçen çärä gatnaşyjylardan kimlere Jeý Di Wensiň, kimlere Marko Rubionyň ýaraýandygyny sorap, elçarpma bilen ses bermäge çagyrdy.
«Ýogsa-da, men ynanýaryn, bular hakyky arzuw edäýmeli topar. Emma bu diýdigim, meniň sizi hemişe goldap biljekdigimi aňlatmaýar. Emma bilýärsiňizmi, bu ikisiniň atlaryny tutanymda, Prezidentiň we Prezidentiň orunbasarynyň wezipesine dalaşgärler bolup eşidilýär» diýip, Tramp belledi.
ABŞ-da nobatdaky Prezident saýlawlary 2028-nji ýylyň noýabrynda bolar.