Turkmenportal logo
Şu gün 09:01
33053305
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Agro Pack Turkmenistan-2026» halkara sergisinde daşary ýurt kompaniýalary öz önümleri bilen tanyşdyrýarlar

Şu günler Aşgabatda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan-2026» halkara sergisinde Türkiýäniň, Hytaýyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gresiýanyň we ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary sergä gelýänleri öz gazananlary we önümleri bilen tanyşdyrýarlar.

Oba hojalyk toplumy, gaplaýyş senagaty hem-de tehnologiki enjamlar ugrunda ýöriteleşen kärhanalar innowasion işläp taýýarlamalaryny we häzirki zaman hyzmat çözgütlerini hödürleýärler — diýip, TDH agentligi habar berýär.

Damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny, ekinleri goramak üçin mineral dökünleri, tohum materiallary hem-de taýýar önümler üçin dürli görnüşli gaplama we bellikleme serişdelerini hödürleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň pawilýonlarynda adam köp boldy.

Ýyladyşhana hojalyklaryny döwrebaplaşdyrmak, tohumçylyk we ösümlikleri goramak ugurlaryndaky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalar sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Daşary ýurtly gatnaşyjylar sebitimiziň toprak we howa şertlerine laýyk bolan tehnologiki çözgütleri hödürlemek bilen, tejribe alyşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem logistika we daşary söwda ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hyzmatlary hödürleýän halkara düzümleriň diwarlyklary hem sergä gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy.

Serginiň çäklerinde tanyşdyrylyş çäreleri geçirilip, olaryň dowamynda taraplar önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bilermenleriň we hünärmenleriň pikirine görä, şu gezekki halkara sergi diňe bir gazanylan üstünlikleri görkezmek bilen çäklenmän, eýsem täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin hem netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.