Turkmenportal logo
Şu gün 08:41
30253025
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen filmleri Izmirdäki halkara kinofestiwalda abraýly baýraklara mynasyp boldy

Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalynda ýurdumyza Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hem-de «Mahabat» müdirliginiň taýýarlan filmleri wekilçilik edip, abraýly baýraklara mynasyp boldular.

TDH agentliginiň habar bermegine görä, Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» çeper filmi «Iň gowy çeper film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyna eýe boldy.

Mekan Gurbanalyýewiň «Mähir terbiýesi» filmi bolsa «Iň gowy gysga göwrümli film» ugry boýunça «Gyzyl alma» baýragyny gazandy.

Režissýor Röwşen Welmiýewiň «Meniň oýnum» atly multfilmi eminler toparynyň ýörite «Gyzyl alma» baýragyna mynasyp boldy.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan TÜRKSOÝ guramasy bilen bilelikde guralan festiwalyň çäklerinde 90-dan gowrak ýurtdan getirilen 2000-den gowrak film görkezildi. Halkara kinoforumynyň esasy maksady türk dünýäsiniň gymmatlyklaryny wagyz etmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Medeni dialogyň esasy maksady medeniýetleriň köpugurly gatnaşyklaryny ýola goýmak, türk halklarynyň baý medeni-taryhy mirasyny, sungat we kinematografiýa pudagyndaky gazananlaryny dünýä ýaýmak, şeýle hem döredijilik gatnaşyklaryny höweslendirmek boldy.

Şeýlelikde, türkmen filmleriniň mynasyp bolan baýraklary döredijilik ylhamyny beýan edýän türkmen kino eserleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir – diýlip, çeşmede bellenilýär.