Turkmenportal logo
Düýn 23:12
82708270
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«PETRONAS» kompaniýasy «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany bilen duşuşdy. Onuň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri geçen döwrüň içinde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmekde we nebitgaz pudagy üçin ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamakda uly goşant goşan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýurduň ägirt uly serişde mümkinçiliklerine ünsi çekip, Hazar deňzindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Myhman Malaýziýa tarapyndan harytlyk gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak maksady bilen «Galkynyş» ägirt uly gaz känini özleşdirmek, burawlamak boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirilýändigi barada aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu teklipleriň ähmiýetini belläp, hyzmatdaşlaryň tagallalaryny gaz-himiýa senagatyndaky täze taslamalary durmuşa geçirmäge-de gönükdirseler maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Malaýziýanyň wekili bu ugurda birnäçe teklipleri hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.