Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň zerurlyklary üçin ulag serişdeleriniň tizligini ölçemäge niýetlenen enjamlaryň we olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynjakdygy barada tender yglan edildi.
Tenderiň şertlerine laýyklykda (lot № 4), arzalar Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Serkerdeler öýünde 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyna çenli kabul edilýär. Resminamalary kabul etmek işleri her gün ýerli wagt bilen sagat 09:00-dan 11:00-a çenli alnyp barylýar.
«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen tender bäsleşigi baradaky maglumatlara görä, oňa gyzyklanma bildirýän guramalar, kärhanalar we kompaniýalar gatnaşmaga çagyrylýar. Tendere gatnaşmagyň tölegi 200 ABŞ-nyň dollary möçberinde kesgitlenildi.
Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 21-54-38, 70-50-97, 38-80-28.