Turkmenportal logo
12.05.26
1153411534
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Land Rover» we «Primark» Londonda türkmen wekiliýeti bilen gepleşiklere başladylar

Bäş sany iri britan guramasy — «Land Rover», «Primark», Kembrij uniwersiteti, «UKTAG» we «Advantix Ltd» Beýik Britaniýa – Türkmenistan B2B birža missiýasynyň («UK–Turkmenistan B2B Exchange») çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen gepleşiklere başladylar. Taraplar awtoulag we dokma senagatynda, oba hojalyk tehnologiýalarynda, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Britan awtoulag öndürijisi «Land Rover» türkmen bazaryna girmek mümkinçiliklerini öwrenýär. «Primark» halkara söwda zynjyry dokma senagatynda hyzmatdaşlyk barada gepleşikleri alyp barýar. «UKTAG» kompaniýasy obasenagat tehnologiýalaryna ünsi jemleýär, «Advantix Ltd» bolsa syýahatçylygy ösdürmäge ýöriteleşendir. Kembrij uniwersiteti bilim hyzmatdaşlygy babatda mümkinçilikleri maslahatlaşýar.

12-nji maýda türkmen wekiliýeti «ExCeL London» merkezinde geçirilen Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy gurluşyk sergisi bolan «UK Construction Week London 2026» sergisine baryp gördi. 12 – 14-nji maý aralygynda dowam edýän bu çäre gurluşyk serişdelerinden we enjamlaryndan modulýar jaý gurluşygyna we Gün energiýasy ulgamlaryna çenli alty sany ýöriteleşdirilen ugry öz içine alýar. Bu ýyl foruma 600-den gowrak kompaniýa gatnaşýar, 700 çykyş meýilleşdirilýär we sergi 25 müň adamy bir ýere jemläp, milli ykdysadyýet üçin ileri tutulýan pudakda Türkmenistana öňdebaryjy çözgütlere elýeterliligi üpjün etdi.