Turkmenportal logo
Şu gün 12:46
1245312453
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň «Gadamly» atly gury ýük gämisi Baku portunda garşylandy

Baku halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi bolan «Gadamly» gury ýük gämisini resmi garşy almak dabarasy geçirildi. Bu barada Trend agentligi habar berýär.

Ýük göterijilik kuwwaty 6 100 tonna bolan gämi 240 sany ýigrimi futlyk konteýneri daşamaga niýetlenendir we ol Baku bilen Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli konteýner gatnawlarynda ulanylar.

«Gadamly» gämisiniň ulanyşa girizilmegi Ýewraziýanyň ulag ugruny öz içine alýan Orta geçelgäniň ösüşinde möhüm ädim hökmünde bahalandyrylýar. 8-nji maýda Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gäminiň ilkinji sapara ugradylyş dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Täze gäminiň Baku portunyň ýyllyk ýük dolanyşygynyň görkezijileriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsir etmegine garaşylýar.