Turkmenportal logo
Şu gün 12:02
72157215
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ermenistan EA ministrligini döretmekçi
Surat: br.az

Ermenistanda Emeli aň ministrligi peýda bolar, bu barada «Hökümetiň düzümi we işi barada» kanuna degişli üýtgetmeler girizildi. Bu barada ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan «Report.az» portaly habar berdi.

Resminama laýyklykda, häzirki hereket edýän Ermenistanyň Ýokary tehnologiýaly senagat ministrliginiň adyny Ýokary tehnologiýaly senagat we emeli aň ministrligi diýlip üýtgetmek teklip edilýär. Täze ministrlik emeli aň we bulut tehnologiýalary ulgamynda döwlet syýasatynyň işlenip düzülmegine hem-de durmuşa geçirilmegine jogap berer.