Turkmenportal logo
Şu gün 11:33
89858985
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistanly dosent Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda okuw sapagyny geçirdi

Täjigistanyň milli uniwersitetiniň dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň dosenti Mahadmumin Tagoýew 11-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezinde okuw sapagyny geçirdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, çärä institutyň professor-mugallymlary we talyplary uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar.

Myhman häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň ösüş ugurlary, häzirki ykdysady modeller we halkara söwda gatnaşyklarynyň aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary paýlaşdy. Çykyşda häzirki zaman dünýä hojalygynyň ösüşiniň düýpli esaslaryna hem-de maliýe-ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, Mahadmumin Tagoýew öz baý tejribesine daýanyp, ykdysady hünärler boýunça bilim alýan talyplara degişli maslahatlaryny berdi.

Okuw sapagy türkmen-täjik ylmy-bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde geçirildi.