Turkmenportal logo
Şu gün 09:43
66816681
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG-niň Baş sekretary hantawirusyň jemgyýetçilik howpuna baha berdi
Surat: gazeta.ru

Hantawirus ýokanjynyň «MV Hondius» syýahat gämisinde möwjemesiniň jemgyýet üçin howpy pes bolmagynda galýar diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş «X» platformasyndaky akkauntynda ýazdy.

«Häzirki wagt ýokanjyň adamlaryň saglygy üçin howpunyň pesdigine seretmezden, hemmeleriň, şol sanda «MV Hondius» gämisiniň ýolagçylaryny hem goşmak bilen, saglygy goraýyş ulgamynda halkara tagallalary birleşdirmek gerek» diýip, Guterriş ýazdy.

Geçen hepdede Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Argentinadan Kabo-Berdä barýan «MV Hondius» syýahatçylyk gämisinde hantawirusyň möwjändigini habar berdi. Gämide birnäçe adam keselledi, olaryň üçüsi ýokançdan gurban boldy.