Keniýanyň demirgazygyndaky Samburu ülkesiniň ýaşaýjylary ýurtda dowam edýän guraklyk şertlerinde durmuşy ýeňilleşdirmek üçin Hökümetden ýüzlerçe düýe sowgat aldylar. Öý haýwanlarynyň bu görnüşi çarwa maşgalalaryň köpüsi üçin zerur ýaşaýyş çeşmesi bolup durýar, sebäbi düýeler köp süýt berýärler hem-de yssy howa çydamly diýip, «rg.ru» ýazýar.
«Bu diňe maldarlary goldamak däl. Her bir düýe— bu biziň çagalarymyz üçin mekdep, gojalarymyz üçin dermanhana we maşgalalarymyz üçin bank. Biz garyplyga garşy şeýle göreşýäris hem-de halkymyz üçin mynasyp durmuşy üpjün edýäris» diýip, Samburunyň häkimi Jonatan Lalelit gürrüň berdi.