Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalarynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy guraldy. Onuň dowamynda ýangyç-energetika ulgamy boýunça gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen çözgütleriň kabul edilen duşuşygynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýangyç-energetika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak boýunça bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Duşuşygyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «PETRONAS Çarigali» kompaniýasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnama gol çekmek dabarasy boldy.