Turkmenportal logo
Düýn 22:30
34183418
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Üç welaýatda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak boýunça meýilnama doly ýerine ýetirildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak boýunça bellenilen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini habar berdiler. Şeýle hem Lebap welaýatynyň häkimi D.Genjiýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, welaýatda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi üstünlikli geçirilip, ýaş mallara degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu barada «Watan»  habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, welaýatlarda pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy hem-de düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.