Turkmenportal logo
Şu gün 19:45
45394539
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti bilen Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi 

Şu gün Tokioda türkmen wekiliýetiniň Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Nobuo Haruna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramow hem-de Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem talyplar we mugallymlar bilen akademiki alyş-çalyş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmek we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim maksatnamalaryny guramak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary we ylmy barlaglary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) tejribesini we mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini hem bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ynsanperwer we bilim ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi diýlip, habarda bellenilýär.