Turkmenportal logo
Şu gün 17:56
45054505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Naýbaşy öz usuly boýunça taýýarlanan pissany dadyp görmäge çagyrýar

Naýbaşy aşhanasynda pissanyň diňe ýokary hilli önümler bilen däl-de, eýsem dogry taýýarlanan usuly bilen hem tapawutlanýandygyna ynanýarlar. Bu ýerde pissalar özleriniň ýörite usuly boýunça: daşyndan kibirdäp duran, içinden bolsa ýumşak çörek, baý tagamly huruş we ýeterlik derejedäki goşundylar bilen taýýarlanýar.

Esasy aýratynlyk — özboluşly hamyrdyr. Ol ýörite tehnologiýa boýunça taýýarlanyp, bir wagtyň özünde içi ýumşak, daşy bolsa ýakymly kibirdäp durmagydyr. Goşundylar hökmünde diňe täze önümler ulanylýar, tagamlar bolsa her bir pissanyň doly, tagamly we ysly bolmagyny üpjün eder ýaly saýlanýar.

Menýuda her kimiň islegine laýyk dürli görnüşler: peýnirli we etli nusgawy görnüşlerden başlap, has baý we özboluşly usullara çenli bar. Pissa maşgala agşamlyk nahary, dostlar bilen duşuşyk ýa-da günüň dowamynda çalt naharlanmak üçin hem amatlydyr.

Naýbaşyda her bir tagamyň hiline we täze bolmagyna aýratyn üns berilýändigi bellenilýär. Şonuň üçin hem köp myhmanlar tanyş tagam we ýyly gurşaw üçin bu ýere gaýta-gaýta gelýärler.

Käbirleri arzuw edýän pissasyny gözleýän mahaly, Naýbaşyda ol eýýäm taýýarlanýar — gyzgyn, hoşboý ysly we öz usullary boýunça taýýarlanan görnüşde.

Sargyt etmek boýunça habarlaşmak üçin: +99365 532303, +99363 532303, +99361 532303.