Turkmenportal logo
Şu gün 17:47
49314931
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindi aktýory Talapati ştatyň baş ministri boldy
Surat: bollywoodtime.ru

Günorta hindi kinosynyň ýyldyzy Wijaý Talapati ýurduň Tamil-Nadu ştatynyň baş ministri boldy. Ol özüniň TVK partiýasynyň ýerli saýlawlarda ýeňşinden soňra Çennai şäheriniň Jawarhal Neru adyndaky stadionynda kasam kabul etdi diýip, «www.ndtv.com» habar berdi. Ýekşenbede geçen dabara onuň maşgala agzalary hem-de ýokary wezipeli syýasatçylar gatnaşdylar.

51 ýaşly Wijaý tarapyndan mundan bary-ýogy iki ýyl öň döredilen TVK partiýasy geçen aýda bolan ştatyň kanunçykaryjy ýygnagyna saýlawlarda orunlaryň 234-sinden 108-sini gazandy.

Wijaý Talapati 1974-nji ýylyň 22-nji iýunynda Çennai şäherinde (şol wagtky Madras) dünýä indi. Ol birnäçe çeper filmlerde baş keşp janlandyryp, tutuş Hindistanda meşhur aktýora öwrüldi.

Aktýor 2023-nji ýylda «Leo» atly filmde surata düşenden soňra kino senagatyny terk etdi hem-de TVK partiýasyny döredip, syýasat bilen meşgullanmaga başlady.