Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň dowam etmegi bilen baglylykda, dünýäniň nebit ätiýaçlyk gorlary rekord tizlikde azalýar diýip, «Bloomberg» habarlar agentligine salgylanýan «ria.ru» ýazýar. Neşir muňa Pars aýlagyndan nebit daşalyşyndaky emele gelen meseleleriň sebäp bolýandygyny belleýär.
Ýagdaý nebitiň nyrhlarynyň gymmatlamagyny hem ýetmezçiligini ýitileşdirip biler. Bu bolsa, hökümetler we senagat pudaklary üçin geçen iki aýda bir milliard barreliň ýitirilmeginiň netijelerini aradan aýyrmakda kynçylyklary has-da çylşyrymlaşdyrar, bazara gapma-garşylyk tamamlanandan soň hem özüni dürsemek kyn bolar diýip, bilermenler belleýärler.
Ormuz bogazynyň ýapylmagy bilen baglylykda, energiýa göterijileriniň nyrhlary rekord derejede gymmatlap başlady, mysal üçin, üstümizdäki hepdäniň başynda «Brend» nyşanly nebitiň bir barreliniň bahasy 2022-nji ýylyň iýulyndan bäri ilkinji gezek 103,91 dollara ýetdi diýlip, makalada nygtalýar.