Turkmenportal logo
Şu gün 16:27
54005400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýada ilkinji gezek EA garaşlylyk hasaba alyndy
Surat: belta.by

Italiýada ilkinji emeli aňa garaşlylyk ýagdaýy hasaba alyndy diýip, «Corriere della Sera» gazetine salgylanýan «Belta.by» habarlar agentligi habar berdi.

Gazetiň maglumatlaryna görä, Mestre şäherinde 20 ýaşlaryndaky gyz garaşlylykdan sagaldyş we öňüni alyş boýunça «SERD» merkezine kömek sorap ýüz tutupdyr. Ol daş-töweregindäki adamlar bilen gatnaşygy düýbünden bes edip, ýakyn dosty hökmünde hemişe EA ulgamy bilen gatnaşykda bolupdyr.

Lukmanlar gyzyň ýagdaýyna «özüňi alyp baryşda garaşlylyk» diýip netijenama goýdular. Gullugyň ýolbaşçysy Laura Suardiniň sözlerine görä, şeýle ýagdaýlar ýaşlaryň arasynda barha köp hasaba alynýar.

Gyz hut emeli aňyň özüni ýürekden diňleýändigine we isleglerine düşünýändigine ynanypdyr. Hünärmenler EA-nyň sowallara ulanyjynyň isleýşiçe jogap bermegi başarýandygyny, munuň bolsa, emosional ýakynlaşmany güýçlendirýändigini belleýärler. Netijede, emeli aň adam üçin çalşyp bolmajak maslahatça öwrülip, hakyky durmuşdaky adam gatnaşyklarynyň ornuny eýeleýär.

«SERD» gullugy häzirki wagtda şeýle garaşly adamlaryň 6 müňe golaýynyň gözegçilikde saklanýandygyny habar berýär, olaryň bir bölegi wideooýunlar we smartfonlar bilen bagly garaşlylyga garşy bejergi alýarlar.