Türkmen türgenleri Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşarlar.
Ýaryşa 28 ýurtdan 172 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmenistanyň adyndan yklym birinjiliginde alty türgen çykyş eder.
14-nji maýda ilkinji bolup Bunýad Raşidow (71 kilograma çenli) we Bektimur Reýimow (79 kilograma çenli) ýaryş meýdançasyna çykarlar. 15-nji maýda 88 kilograma çenli agram derejesinde Remezan Töräýew bilen Gaýgysyz Töräýew çykyş ederler. 16-njy maýda bolsa 94 kilograma çenli agram derejesinde Rüstem Annaberdiýew bäsleşer. Ýaryşyň jemleýji güni — 17-nji maýda 110 kilograma çenli agram derejesinde Döwranbek Hasanbaýew çykyş eder.
Belläp geçsek, Hindistan agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyny taryhynda ikinji gezek kabul edýär. Mundan öňki çempionat 1982-nji ýylda Deli şäherinde geçirilen IX Aziýa oýunlarynyň çäklerinde guralypdy.