Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Prezident Donald Tramp tarapyndan wada berlen näbelli uçýan obýektler baradaky faýllary çap edip başladylar. Bu barada «Armenpress» habar berdi.
Pentagonyň saýtynda onlarça foto, wideo we hat resminamalar çap edildi. Saýt bu maglumatlar dogrusynda Hökümetiň hasaba alnan hadysalaryň tebigaty hakynda gutarnykly kesgitleme berip bilmeýändigini beýan edýär.
Köpçülige ýetirilen faýllaryň arasynda «Apollon-12» uçuşy wagtynda Aýda surata düşürilen fotosuratlar hem bar. Görnüşlerde uly bolmadyk nokatlara meňzeş obýektler görünýär. Habarda maglumatlaryň her hepdede üstüniň ýetirilip duruljakdygy bellenýär. Tramp öňki Prezident Barak Obama başga planetalylaryň bardygyny ykrar edenden soňra Ýerden daşarky ýaşaýyş barada habarlary çap etjekdigini söz beripdi.