Turkmenportal logo
Şu gün 14:33
84008400
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyby ylmy-barlag bäsleşiginde 1-nji derejeli diplom bilen sylaglandy

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Guwançmyrat Arrykow «Ylmy meseleler we olaryň çözgüdi seljerme, modelleşdirme we amaly ulanyşy» atly halkara ylmy-barlag bäsleşigine gatnaşyp, 1-nji derejeli diplom bilen sylaglandy.

TDU-nyň saýtynda habar berlişi ýaly, ol bäsleşikde «Halkara hukugynyň esasy ýörelgeleriniň ýuridiki tebigaty» atly ylmy işi bilen çykyş etdi (ylmy ýolbaşçysy – konstitusiýa hukugy kafedrasynyň müdiri S.Goçumowa).

Halkara ylmy-barlag bäsleşigi Russiýa Federasiýasynyň Ufa şäherindäki «Eterna» ylmy-neşirýat merkezi tarapyndan onlaýn görnüşinde guraldy.