Turkmenportal logo
Şu gün 14:23
55915591
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mýanmada agramy 2,2 kilogram lagyl daşy tapyldy
Surat: belta.by

Mýanmada agramy 2,2 kilograma deň bolan (11 müň karat) lagyl daşy tapyldy diýip, ýurduň Habarlar ministrligine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Sary öwüşginli gyrmyzy-gyzyl reňkli lagyl aram dury hem-de aýna ýaly ýalpyldaýar. Ol tebigy ýagdaýyny oňat saklapdyr.

Ýurduň gymmatbaha daşlaryň gazylyp alynýan ýeri bolan Mogok etraby Mandalaý şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Soňky onýyllyklarda ol ýerden rekord agramly lagyllary tapdylar: 1990-njy ýylda - 496,2 karatlyk, 1996-njy ýylda - 21,4 müň karatlyk (4,3 kg töweregi), 2022-nji ýylda bolsa, agramy tas 2,8 müň karata deň bolan daşy tapmak başartdy. Öň iň uly lagyl 1996-njy ýylda tapylan hem bolsa, bu gezekki daş reňkiniň hili we gurluşy boýunça has gymmat hasaplanýar.

Mýanma dünýäde laglyň we nefritiň iň baý ýurtlarynyň biridir. Olaryň tapylandygy barada döwlete habar bermek düzgüni hereket edýändigine garamazdan, ýurtda gymmatly daşlaryň bikanun gazylyp alynmagy dowam edýär