Turkmenportal logo
Şu gün 11:52
85288528
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ärdogan «Galatasaraýyň» ýolbaşçylaryny Türkiýäniň çempionlygy bilen gutlady

Rejep Taýyip Ärdogan Türkiýäniň «Galatasaraý» futbol klubynyň prezidenti Dursun Özbege hem-de toparyň baş tälimçisi Okan Buruka jaň edip, toparyň Trendyol Süper Lig çempionatynda ýurduň çempiony diýen ada eýe bolmagy bilen gutlady. Bu barada Anadolu Ajansi habar berýär.

Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde döwlet Baştutany klubyň iki ýolbaşçysyna-da «Galatasaraý» futbol klubynyň çempionlygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.

Stambulyň kluby möwsümiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda çempionlygyny resmi taýdan üpjün etdi. Topar 33-nji tapgyryň öý duşuşygynda «Antalýaspor» klubyny «Rams Park» stadionynda 4:2 hasaby bilen ýeňdi. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde «Galatasaraý» 77 utuk toplap, iň ýakyn bäsdeşi bolan «Fenerbahçe» klubyndan dört utuk öňe geçdi. Bu çempionlyk klubuň taryhynda 26-njy, yzly-yzyna bolsa dördünji çempionlygy boldy.