Turkmenportal logo
Şu gün 11:44
44944494
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Akym» atly «Oskar» baýragyna eýe bolan multfilmiň döredijileriniň ussatlyk sapagy geçiriler

2026-njy ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde «Akym» (Flow, 2024) atly animasion filmiň döredijilik toparynyň iki agzasynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçiriler. Bu Latwiýanyň filmi «Iň gowy doly metražly animasion film» ugry boýunça «Oskar» baýragyny gazanan, şeýle hem iň gowy Ýewropanyň animasion filmi diýen adyna mynasyp bolan kino eseri hökmünde tanalýar.

Çäre Art Nokady sungat giňişliginde («Arkaç» işewürlik merkezinde) sagat 11:00-da geçiriler. Gatnaşýanlaryň sany çäkli bolup, diňe 15 adama çenli öňünden ýazylyp bolýar. Hasaba alynmak üçin şu salgy arkaly ýüz tutup bilersiňiz: https://forms.gle/zDKUiUhVgZAQrtUc9.

«Akym» — latwiýaly režissýor Gints Zilbalodis tarapyndan döredilen kino eseridir. Film esasan meýletinçi hünärmenler topary tarapyndan, takmynan 3,5 million ýewro býujet bilen taýýarlanyldy. Ol diňe bir görüş taýdan täsirliligi bilen däl-de, eýsem kino önümçiligine täzeçe garaýyş — pes býujetli, garaşsyz we tehnologiýa taýdan elýeterli önümçilik nusgasy hökmünde hem halkara derejesinde uly üns merkezinde boldy.

Ussatlyk sapagynda çykyş edijiler kiçi toparyň «Oskar» baýragyna barýan adaty bolmadyk ýoluny gürrüň bererler we tehniki wezipeleri goýmakdan başlap, olaryň amaly çözgütlerine çenli 3D animasiýa bilen işlemek tejribeleri bilen paýlaşarlar. Şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalarynyň şertlerinde garaşsyz kino önümçiliginiň mümkinçilikleri, giňeldilip bilinýän ösüşi we täze kynçylyklar barada aýratyn gürrüň ediler.

Ussatlyk sapagy kino, animasiýa we görüş täsirleri bilen gyzyklanýan hünärmenler, barlagçylar, talyplar hem-de giň tomaşaçylar üçin niýetlenendir.