Turkmenportal logo
Şu gün 11:17
99139913
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Barselona» El Klasiko duşuşygynda «Realy» ýeňip, Ispaniýanyň çempiony boldy

«Barselona» 2025/26 möwsüminiň La Liga çempionatynda möhletinden öň çempion boldy. Kataloniýalylar 10-njy maýda «Camp Nou» stadionynda geçirilen El Klasiko duşuşygynda «Real Madrid» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň ykbaly ilkinji ýarymda çözüldi: gollar 9-njy we 18-nji minutlarda geçirildi. Oýnuň ikinji ýarymynda madridliler basyşy güýçlendirdiler — olar garşydaşyndan iki esse köp, ýagny sekiz gezek burçdan urgyny ýerine ýetirdiler. Emma hasaby üýtgetmek başartmady. Oýnuň jemleri boýunça «Barselona» derwezä ýedi takyk urgy geçiren bolsa, «Real» bary-ýogy bir takyk urgy bilen çäklendi.

Bu ýeňişden soň «Barselona» çempionlyk baradaky meseläni resmi taýdan öz peýdasyna çözdi. 35 tapgyryň netijeleri boýunça topar 91 utuk toplady. Bu bolsa 77 utuk bilen ikinji orunda ýerleşýän «Realdan» 14 utuk artykdyr. Häzirki möwsümde «Barselonanyň» hasabynda 30 ýeňiş, bir deňlik we dört ýeňliş bar.