Amerikada ýiten aýal 11 ýyldan soňra tapyldy diýip, «Mirror» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
2002-nji ýylyň fewralynda Pensilwaniýanyň ýaşaýjysy Brenda Heýst çagalaryny mekdebe eltenden soňra ýitirim boldy. Şol wagt 42 ýaşly zenanyň adamsy bilen aýrylyşmagy agyr geçirendigi we maliýe kynçylyklara uçrandygy anyklandy. Brendanyň adamsyny onuň janyna kast etmekde aýyplap sakladylar, emma onuň bigünädigi anyklanyp, goýberildi.
Soň Brendanyň ýiten güni seýilgähde nätanyşlar bilen tanşandygy, olaryň zenana özleri bilen Florida gitmegi teklip edendigi belli boldy. Heýst ylalaşdy hem-de keseki at bilen Floridada ýaşamaga başlady. Ol gizlin ýaşady, hemişe nagt pula işläp gününi aýlady hem-de hiç kime özüniň hakyky adyny, nireden gelendigini bildirmezlige çalyşdy. Ol özüni dul diýýärdi, çagalarynyň bardygyny aýtmaýardy. 2013-nji ýylda ony birnäçe jenaýatçylyklarda, şol sanda sürüjilik şahadatnamasyny ogurlamakda aýyplap tussag etdiler. Şahsyýeti öwrenilende, onuň mundan kän ýyl öň ýiten Brenda Heýstdigi belli edildi.
Şonda Brenda hakykaty boýun aldy, özüniň maşgalasyny terk edendigine utanýandygyny aýtdy. Azatlyga goýberilenden soňra Brenda Tehasa, ejesiniň ýanyna göçdi, emma çagalary bilen gatnaşygy henizem ýola goýmady diýlip, habarda aýdylýar.