1–10-njy maý aralygynda türkmen bilermenleri «Halkara Garadeňiz teatr festiwaly. Döwlet teatrlary – Trabzon-26» halkara teatr festiwalyna gatnaşdylar. «Döwlet teatrlary – Trabzon-26» atly çäre Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirligi tarapyndan Trabzon şäherinde guraldy.
Halkara bilermenler toparynyň düzümindäki türkmen hünärmenleri teatr sahnalarynyň derejesine baha berdiler, şeýle hem aktýorlar we režissýorlaryň arasynda geçirilen pikir alyşmalara, ussatlyk sapaklaryna hem-de tejribe alyşmalaryna gatnaşdylar – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
«Halkara Garadeňiz teatr festiwaly» dünýäniň abraýly sungat baýramçylyklarynyň biri hökmünde tanalýar. Festiwal her ýyl geçirilýär we şu ýyl ol 26-njy gezek guraldy.
Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlaryň teatrlary tarapyndan sahnalaşdyrylan 15 spektakl, çagalar üçin 7 gurjak spektakly, 3 sergi, kino we sahna geýimlerine bagyşlanan 8 ekspozisiýa görkezildi. Mundan başga-da, teatr sungaty boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda 2 maslahat geçirildi.
Forumyň gatnaşyjylaryna Türkmenistandaky teatrlarda we sirklerde goýlan spektakllar hem-de sirk çykyşlary, şeýle hem türkmen artistleriniň halkara festiwallarda gazanan abraýly ýeňişleri barada wideomateriallar görkezildi. Mundan başga-da, A. Gulmämmedow adyndaky Arkadag şäheriniň döwlet drama teatrynda döredilen mümkinçilikler barada hem wideomateriallar görkezildi.
Halkara teatr festiwalynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Döwlet teatrlary baş müdirliginiň wekilleri, şeýle hem teatr ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşyklary geçirdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, döredijilik forumyna işjeň gatnaşandyklary üçin türkmen hünärmenlerine festiwalyň kubogy hem-de teatr sungaty ugrunda halkara gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy üçin minnetdarlyk hatlary gowşuryldy.