Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde iki günläp dowam eden bäsleşikleriň birinji gününde geçirilen at çapyşyklarynda ýokary netijäni görkezen «O'zbegim Otlari» atçylyk hojalygyna degişli bedewiň seýsine hem-de çapyksuwaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy — döwrebap ýeňil awtoulagyň açary gowşuryldy. Olar Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyny uly buýsanç hem hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, atly sportuň yklym derejesindäki möhüm halkara çäresiniň birinji hem-de ikinji çapuwlarynda iňlis atlary öz aralarynda bäsleşdiler. At çapyşyklarynyň üçünji, dördünji, bäşinji we altynjy çapyşyklarynda ahalteke bedewleri öz aralarynda güýç synanyşdylar. Onda Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň bedewleri dürli aralyklara bäsleşdiler. Ýeňiji bolan çapyksuwarlara hem-de seýislere Kuboklar, Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.