Turkmenportal logo
10.05.26
1601316013
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda saz we sözsüz kino agşamy geçiriler

Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri aşgabatlylary hem-de paýtagtymyzyň myhmanlaryny 24-nji maýda Mukamlar köşgünde geçiriljek «Sessiz kino we janly saz» atly agşama çagyrýar.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek konsertiň çäklerinde «Körpe» atly meşhur sessiz filmi orkestriň janly sazynyň astynda görkeziler.

Sergezdan bilen taşlanan çaganyň täsirli wakasy ekranda janlanar. Bu ýerde: gülki, gözýaş, duýgudaşlyk we iň esasysy — filme tomaşa etmegiň täsirini has-da güýçlendirýän janly saz ýaly ähli zat bolar.

Konsert sagat 19:00-da başlanýar.

Biletleri satyn almak boýunça soraglar üçin bildirişde görkezilen telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.