Turkmenportal logo
Şu gün 10:11
11961196
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanda kino barada «Synçy» mediaplatformasy işe başlady

Gyrgyzystanda nusgawy we häzirki zaman gyrgyz kinosyna bagyşlanan «Synçy» mediaplatformasy işe goýberildi diýip, «Kabar.kg» habar berdi.

Taslama GR-niň Medeniýet ministrligindäki kinematografiýa edarasynyň, Habarlar we ýaşlar edarasynyň goldaw bermeginde ýurduň Kino tankydyny ösdürmek gaznasy we Kinotankytçylaryň bileleşigi tarapyndan durmuşa geçirilýär. Platformada synlar, söhbetdeşlikler, seljeriş makalalary, wideo-esseler we beýlekiler çap ediler, şeýle-de gyrgyz kinosynyň sanly arhiwi dörediler.

Häzir «Synçy» sosial torlarda işjeň hereket edýär (Instagram: @synchy.kg), www.synchy.kg saýty bolsa synag düzgüninde işleýär. Platforma iýunyň başynda doly bahaly işe goýberiler.