Turkmenportal logo
Şu gün 09:59
14241424
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pnompende Türkmen-kamboja syýasy geňeşmeleriniň ilkinji tapgyry geçirildi

Pnompen şäherinde Türkmenistanyň we Kamboja Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi.

8-nji maýda bolan duşuşyga türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kamboja tarapyna bolsa Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Ung Raçana ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin täze gözýetimleri açmaga gönükdirilen ýokary derejeli duşuşyklary guramagyň ähmiýetini bellediler. Onlaýn-duşuşyklary we dostluk toparlarynyň wekiliýetleriniň saparlaryny guramak arkaly parlamentara gatnaşyklary berkitmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny yzygiderli artdyrmagyň zerurlygy bellenildi.

Taraplar, diňe bir sebitde däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da hyzmatdaşlygyň netijeli platformasy bolup durýan ASEAN ugry boýunça hyzmatdaşlyga hem jikme-jik degip geçdiler. Kambojanyň Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa + ASEAN» formatyny döretmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy bellenildi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde işewür toparlaryň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak, biznes-forumlary we söwda missiýalaryny geçirmek, dokma senagatynda, oba hojalygynda we önümleri gaýtadan işlemekde kooperasiýany ösdürmek, halkara ulag geçelgelerini ulanmak bilen ulag-logistika özara hereketlerini işjeňleşdirmek kesgitlenildi.

Ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek üçin özara Medeniýet günlerini geçirmek meselesine seretmek teklip edildi. Iki ýurduň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Taraplar iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýän gepleşikleri mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak ugruna ygrarlydyklaryny tassykladylar diýlip habarda bellenilýär.