Turkmenportal logo
Düýn 21:46
54555455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäherinde görnükli kompozitor Daňatar Öwezowyň 115 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň esasyny goýujylaryň biri, görnükli kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.

Baýramçylyk çäresi «Kompozisiýa we saz gurallary» kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garawowyň çykyşy bilen başlandy. Ol öz çykyşynda beýik kompozitoryň türkmen saz sungatynyň kemala gelmegine goşan goşandy, eserleriniň çuň many-mazmuny hem-de döredijiliginiň çeperçilik aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Konsert Daňatar Öwezowyň dürli žanrlarda döredilen eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi.

Arzygül Gylyjowa bilen Maýa Orazberdiýewa tarapyndan ýerine ýetirilen «Şasenem-Garyp» operasyndan parçalar, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň duet bolup eden çykyşy, şeýle-de «Wokal sungaty» hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hoşgeldi Hudaýgulyýew tarapyndan «Leýli-Mejnun» operasyndan ýerine ýetirilen ariýa tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

Baýramçylyk konsertine beýik kompozitoryň nesilleri — gyzlary we agtyklary, şeýle hem mugallymlar, talyplar we myhmanlar gatnaşdylar. Kompozitoryň gyzlary Aýna Öwezowa bilen Aýlar Öwezowanyň kakasynyň durmuş ýoly hem-de sungata bolan çäksiz söýgüsi baradaky gürrüňleri çärä gatnaşyjylaryň ählisi üçin täsirli pursatlaryň birine öwrüldi.