Turkmenportal logo
Düýn 21:30
48814881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry täze sahna eserini hödürleýär

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry «At göçümi» atly täze sahna eserini tomaşaçylara hödürledi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Spektakl türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň esasynda döredildi.

Sahna eseriniň esasy wakalary il sylagly Badaw daýynyň öýüniň töwereginde bolup geçýär. Öýüň daş-töweregindäki bag oba tebigaty bilen şeýle bir sazlaşykly utgaşypdyr welin, oba adamlary onuň saýaly ýodasyndan geçmäge endik edipdirler. Şol ýodadan Badaw daýynyň gyzyna duşmagy arzuw edýän aşyk ýigit hem ýygy-ýygydan peýdalanýar.

Spektaklda ahal-teke bedewiniň keşbine aýratyn orun berilýär. Ol Badaw daýynyň öýüniň buýsanjy hökmünde görkezilýär. Baş gahryman bedewine edil eziz perzendine seredişi ýaly alada edýär. Spektaklyň ahyrynda bolsa wepaly bedew öz eýesine at çapyşygynda mynasyp ýeňşi getirýär.

Spektakly teatryň režissýory Döwletmyrat Hudaýberdiýew goýdy. Baş keşpleri teatryň öňdebaryjy artistleri — K. Hanjaýew, O. Mollaýewa, H. Garyýagdyýew, U. Myradowa hem-de G. Tokaýewa ussatlyk ýerine ýetirdiler.