Turkmenportal logo
Şu gün 16:20
37873787
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda göni howa gatnawy ýola goýlup bilner

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmak mümkinçiligi öwrenilýär. Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisinde degişli meselä garaldy.

Hökümetara toparyň bäşinji mejlisinde türkmen tarapynda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili başlyklyk etdi.

Ministr Mariam Kwriwişwiliniň belleýşi ýaly, Gruziýa özüniň strategik ýerleşişi netijesinde Türkmenistan üçin Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän derweze we Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm üstaşyr merkez bolup durýar.

Mariam Kwriwişwili ýurduň makroykdysady görkezijilerine ünsi çekip, dünýädäki kynçylyklara garamazdan, Gruziýanyň dünýäde iň özüne çekiji maýa goýum gurşawlarynyň birine eýedigini belledi.

Şeýle-de ol Gruziýanyň esasy ulag-logistika pudagyna gönükdirilýän döwlet maýa goýumlaryna we ýurduň Orta geçelgedäki ornuny güýçlendirmäge bolan meýillerine aýratyn üns berdi.

Gepleşikleriň dowamynda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň arasynda göni uçuşlaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigi nygtaldy.

Şeýle hem taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesini maslahatlaşdylar.