Turkmenportal logo
Şu gün 12:06
85968596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
UFC 328: Hamzat Çimaýew bilen Striklendiň tutluşygy — türkmenistanly janköýerler ony nireden görüp bilerler

9-njy maýdan 10-njy maýa geçilýän gije Nýuark şäherinde (ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştaty) garyşyk başa-baş söweş sungaty dünýäsiniň iň köp garaşylýan ýaryşlarynyň biri bolan UFC 328 geçiriler. Gijäniň esasy wakasy orta agram derejesindäki çempionlyk guşagy ugrunda häzirki çempion Hamzat Çimaýew bilen öňki çempion Şon Striklendiň arasyndaky tutluşyk bolar.

Agşamyň ikinji esasy duşuşygynda iň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk ugrunda häzirki çempion Joşua Wan bilen ýaponiýaly dalaşgär Tasuro Taýra duşuşar. Şeýle hem ýaryşyň kardynda Aleksandr Wolkow, Şon Breýdi, King Grin, Jim Miller, Joel Alwares we başga-da birnäçe türgeniň gatnaşmagyndaky söweşler göz öňünde tutulýar.

Aşgabat wagty boýunça ýaryşyň tertibi şeýle bolar: deslapky söweşler 10-njy maýda sagat 01:00-da, esasy kard bolsa sagat 03:00-da başlanar. Türkmenistanyň ýaşaýjylary göni ýaýlymy Belet platformasy arkaly görüp bilerler.

Sport ýaýlymlaryna tomaşa etmek üçin Belet platformasynda «Premium» nyrhnamasyna abuna ýazylmak zerurdyr.