Turkmenportal logo
Şu gün 11:10
61386138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan öz ykdysady mümkinçiliklerini Waşingtonda tanyşdyrdy

7-nji maýda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy Halkara Pul Gaznasy (HAK) bilen bilelikde, HAK-yň Waşingtondaky ştab-kwartirasynda «Sebitleýin we global ykdysady çaklamalaryň çäginde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi» atly çäräni gurady. Türkmenistanyň ilçihanasynyň durmuş ulgamyndaky sahypasynda habar berlişi ýaly, täze döredilen Türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy assosiasiýasy (TABCA) bu çäräniň resmi hyzmatdaşy boldy.

Çärä 80-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud, HAK-yň ýerine ýetiriji direktory Patrik Loşewski, ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň wekili Hiro Rodriges, şeýle hem ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, HAK-yň, Bütindünýä bankynyň, CIPE-niň, Amerikan-türkmen işewürlik geňeşiniň, TABCA-nyň we iki ýurduň işewürler gurşawynyň wekilleri bar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň ykdysady ösüşini, türkmen-amerikan söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegini we iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Maksatnamanyň çäginde, şeýle hem medeni sergi we türkmen milli aşhanasynyň tanyşdyrylyşy boldy.