Turkmenportal logo
Şu gün 10:56
77727772
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary ekologiya boýunça halkara olimpiadada diplomlara mynasyp boldular

2026-njy ýylyň 12-nji martynda geçirilen ekologiya boýunça halkara internet olimpiadasynda türkmen mekdepleriniň alty okuwçysy diplomlara mynasyp boldy. Bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Tolýatti şäheriniň döwlet uniwersitetiniň Inženerçilik we ekologiýa howpsuzlygy instituty tarapyndan guralyp, oňa umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň alty wekili: Nurana Döwletgeldiýewa — Garabekewül etrabynyň 16-njy orta mekdebinden, Göwher Myradowa — Aşgabat şäheriniň iňlis dili we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 49-njy ýöriteleşdirilen mekdebinden, Şyhmyrat Myradow — Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 89-njy ýöriteleşdirilen mekdebinden, Sylapberdi Ataýew — Aşgabat şäheriniň iňlis dili we takyk dersler çuňlaşdyrylyp öwredilýän 6-njy ýöriteleşdirilen mekdebinden, Ejebaý Saryýewa — Garagum etrabynyň 17-nji orta mekdebinden, şeýle hem Guli Azizbekowa — Şabat etrabynyň 45-nji orta mekdebinden XII synp okuwçylary derejesinde II derejeli diplomlar bilen sylaglandy.